Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny mähirli mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tutuş adamzat ähmiýetli halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň we oňa gatnaşmagynyň özi üçin uly mertebedigini belledi.

Antoniu Guterriş forumy geçirmäge döredilen mümkinçilik we türkmen döwleti tarapyndan berlen goldawlar üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän BMG-niň halkara forumynda dünýä ykdysadyýeti üçin ähmiýetli bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitleniler.