Türkmen wekiliýeti Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Agzalan çärä Ýaponiýanyň Imperatorynyň maşgalasynyň agzalary, Ýaponiýanyň Hökümetiniň, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň, Osaka perfekturasynyň ýerli häkimýetiniň wekilleri
hem-de dürli ýurtlardan birnäçe ýokary derejeli myhmanlar, dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň wekilleri we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýokarda görkezilen çärä Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çäräni Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň baş sekretary H.Işige açmak bilen, Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň öz işini üstünlikli tamamlaýandygyny belläp, bu bütindünýä sergisini geçirmekde ýakyndan gatnaşan dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň ählisine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra bolsa çärede Ýaponiýanyň döwlet baýdagy galdyrylyp, döwlet senasy ýaňlandyryldy.
Çärede çykyş eden Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri I.Ýoşitaka, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň başlygy T.Masakazu we Osaka perfekturasynyň häkimi H.Ýoşimura «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň Osaka şäherini jahankeşdeleriň tanymal mekanyna öwürendigini beýan etdiler.
Şeýle-de dabarada onuň alyhezreti, mirasdüşer şazada Akişino we Ýaponiýanyň Premýer ministri S.Işiba çykyş etdiler. Öz çykyşlarynda Döwlet ýolbaşçylary «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň özüniň mümkinçiliklerini halk köpçüligine tanyşdyrmakda ägirt uly platforma bolup çykyş edendigini mälim etdiler.
Çärede ýylyň dowamynda bu serginiň çäklerinde geçirilen dabaralar, ýatdan çykmajak pursatlar we gyzykly ýatlamalar barada birnäçe wideoşekilli rolikler görkezildi. Mundan başgda, dabarada medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.
Ýapylyş dabarasynyň jemlerinde EKSPO Bütindünýä sergisiniň baýdagy düşürilip, ol «EKSPO-2030» Er-Riýad Bütindünýä sergisini geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystan Patyşalygynyň wekiliýetine hormat bilen gowşuryldy.