Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Daşary işler Ministriniň parlament boýunça orunbasary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 05-nji noýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A. Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler Ministriniň Parlament boýunça orunbasary hanymA. Ikuna bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Syýasy gepleşikleriň ösdürilmegine, şol sanda 2025-nji ýylyň dekabrynda Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniňarasynda geçirilen duşuşygyna, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler Ministriniň 2026-njy ýylyň awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparyna aýratyn üns berildi. Gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ylym, tehnologiýa hem-de ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
Taraplar şeýle hem wodorod energetikasy, emeli aň, sanlylaşdyrma we aýlawly ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem parlamentara, medeni we bilim gatnaşyklaryny, halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek we netijeli dialogy dowam etdirmek boýunça özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.