RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga ça...

DOWAMY
pic
4 Awg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny mähirli mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tutuş adamzat ähmiýetli halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň we oňa gatnaşmagynyň özi üçin...

DOWAMY
pic
4 Awg

BMG-NIŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BAÝDAK GALDYRMAK DABARASY

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, her on ýylda bir gezek geçirilýän we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüş meselelerine bagyşlanan global forumyň ähmiýetiniň beýany bolup hyzmat edýär. Baýdak galdyrmak dabarasyna Türkmenistan Ministrler Ka...

DOWAMY
pic
29 Iýul

TOKIODA «2025-NJI ÝYL – HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» MYNASYBETLI ÇAGALAR SURAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalar surat bäşleşigi geçirildi. Bu çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň çagalary we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärl...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Osaka şäherinde Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi

Ýaponiýanyñ Osaka şäherinde geçirilýän "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisiniň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň geçirilmegi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaslygyñ ösdürilmegi, söwda gatnaşyklarynyñ giñeldilmegi we täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahatyñ esasy maksady, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaslygy pugtaland...

DOWAMY
pic
22 Iýul

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokiýo şäheri) Atadurdy Baýramowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Zelandiýanyň General-guberna...

DOWAMY
pic
4 Iýul

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Ministr Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ik...

DOWAMY