img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Dek

Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler

Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler. Türkmenistanlylary Günüň dogýan ýurdy, onuň medeniýetiniň özboluşlylygy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen festiwal 15-17-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Ondan soň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary 23-nji dekabrda görkeziljek ýapon kinofilmlerine tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylara şu filmler hödürlener: «Asman restorany» filminde wakalar Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaýdo adasynda bolup geçýä...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda çykyş etdi

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşdy. Ählumumy forumyň gün-teribine laýyklykda, onda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini ara...

DOWAMY
pic
3 Dek

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi b...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassykladylar. Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýa...

DOWAMY
pic
1 Dek

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.  Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýdaky Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirile...

DOWAMY
pic
30 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-NYŇ Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza we Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li...

DOWAMY