SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijelligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellenildi. Bu nukdaýnazardan, tarapalar «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ EKSPORT WE MAÝA GOÝUM ÄTIÝAÇLANDYRYŞ AGENTLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär. Duşuşykda taraplar maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap geçdiler we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, ş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYGY BARADA
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli depginini bellediler. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky işjeň we açyk gepleşikleri döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmadyrmagyna goşant goşýandygyny nygtap geçdi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 21-24-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar. Saparyň çäginde wekiliýetiniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon komitetleriniň 14-nji bilelikdäki mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşmagy, mundan başga-da Hökümetde, Parlamentde, degişli ministrliklerde we edaralarda...
2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MEJLIS BARADA
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdaky BMG gurluş düzümlerini...
“AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ BIRINJI ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler. Bu ýerde sammitiň öňüsyra...
“AWAZADA” TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özar...