RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Iýun

KHBS üçin maglumat

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...

DOWAMY
pic
16 Iýun

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda  ýokary döwlet derejesinde ýola goýulan açyk we konstruktiw gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy faktorlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hindistanyň Premýer-min...

DOWAMY
pic
16 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we özara söwda, maýa goýum işleri, senagat hem-de Hindistan bilen ulag aragatnaşygyny berkitmek ýaly ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatl...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşyga Filippinler tarapyndan Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň Energetika syýasaty we taslamalaşdyryş býurosynyň direktory jenap Maýkl Sinokrus ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda Filippinler Respublikasynyň energetika ulgam...

DOWAMY
pic
6 Iýun

“NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroşi Sasakiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Nippon” gaznasynyň iňlis dilindäki Ýaponiýa barada tanyşdyryş kitaplarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu guramaçylykly geçirilen çäräniň baş maksady ýurdumyzda ýapon diliniň öwredilşine ýardam bermekden we öwrenijilerde dile bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybaratdyr. Sowgat hökmünde g...

DOWAMY
pic
5 Iýun

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahaty geçirildi

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, şeýle hem «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň wekilleri we sergini görmäge gelýän adamlar gatnaşdylar. Maslahata g...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglyl...

DOWAMY