RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Okt

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň ýurdumyzyň goňşy we sebit ýurtlarynyň Ilçileri bilen tanyşlyk duşuşyklary

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow ýurdumyzyň goňşy we sebit ýurtlarynyň, ýagny Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we San Marinonyň (duaýen) Ýaponiýadaky Ilçileri bilen tanyşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ugurlaryny hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY

2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda boldy. Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňel...

DOWAMY
pic
15 Okt

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň paýtagtyna geldi we...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "MERKEZI AZIÝA - RUSSIÝA" SAMMITINDÄKI ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BAŞLANGYÇLARY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletreleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmat...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda, günüň ikinji ýarymynda Astana şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” Sammiti geçirildi, onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Sammitiň dowamynda hyzmatdaşly...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy.  Taraplar şeýle hem ulag-logi...

DOWAMY