RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMABATDA SAPARDA BOLÝAR

2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar. Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyz...

DOWAMY
20 Mar

ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara  şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle...

DOWAMY
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNDAKY ÇYKYŞY

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy! Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar! Gadyrly watandaşlar! Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym. Mähriban halkymyň meni Türkmenistan...

DOWAMY
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA

2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...

DOWAMY
19 Mar

TOKIODA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY BELLENILDI

2022-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň çäklerinde Halkara Nowruz baýramy bellenildi. Agzalan çäre Ýaponiýanyň Işjeň Halkara Assosiasyýasy (AIA) bilen bilelikde geçirilip, oňa türkmen diplomatlary bilen bir hatarda Ýaponiýanyň medeniýet, sungat hem-de işewürlik bilen meşgullanýan raýatlary gatnaşdylar. Türkmenistany...

DOWAMY
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümet...

DOWAMY
18 Mar

BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...

DOWAMY