SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR: TÜRKMENISTANDA PREZIDENT SAÝLAWLARY ÝOKARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇDI
2022-nji ýylyň 13-nji martynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentligine geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň netijeleri boýunça paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda brifing geçirdi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda ses bermekleri bilen geçirildi diýlip ykrar edilendigini mälim etdi. Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine dürli syýas...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň paýtagtyna gelen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Türki döwletleriň guramasy bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini özüniň sebitleýin we ählumumy hereketlere gatnaşygynyň umumy ugruny nazarda tutmak arkaly ileri tutý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BINALY ÝYLDYRYM BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň synçy-döwlet hökmünde bu halkara düzüminiň işine işjeň gatn...
TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAÝLAWLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary we türkmenistanly raýatlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow brifingde çykyş edip, ýurdumyzda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň ählihalk Prezident saýlawlarynyň açyk we dem...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi. Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi....
ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI KENIÇI HOSODA BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 3-nji martynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň binasynda ilçi G.Elýasow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Keniçi Hosoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi möhüm sene, ýagny türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar we soňky 10 ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gazanylan üstünliklere ýokary baha berdiler. Duşuşykda taraplar häzirki türkmen-ýapon gatnaşykla...
TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BMG-NE AGZA BOLMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-ne agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny» atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini...