SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-RUMYN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýurtlaryň türkmen-rumyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ILKINJI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar. Öz çykyşynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitiniň, Nýu-Deliniň bu strategiki ähmiýete eýe bolan sebitiň döwletleri bilen barha giňelýän özara hereketleriniň özboluşly şöhlelenmesi boljakdygyny...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI «TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝET WE DAŞKY GURŞAW BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlyg...
AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyk...
TÜRKMENISTANYŇ ŽENEWADAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY 2022-NJI ÝYLDA ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNDA ILERI TUTÝAN UGURLARYNA BAGYŞLAP BRIFING GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň (Şweýsar Konfederasiýasy) Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna hem-de borçnamalaryna bagyşlap brifing geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, şeýle-de 2022-nji...