SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden...
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Tokioda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen GOSAT emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň mukdaryna baha bermek boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Mongoliýanyň wekilleri parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmek hem-de bu işlerde emeli hemradan alynýan maglumatlardan peýdalanmagyň mümkinçilikl...
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyp gyzy Ýaponiýada hünär taýýarlygyny ýokarlandyryş okuwyny geçdi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň dördünji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa «Özara düşünişmek, intellektual alyşmalar we akademiki gatnaşyklar» (MIRAI) atly ýapon bilim başlangyjynyň çäklerinde «Kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagy» diýen ugur boýunça gysga möhletli hünär taýýarlygyny ýokarlandyryş okuwyny geçdi. Şeýle hem gysga möhletli okuwa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly ýurtlardan hukuk ulgamyndaky taly...
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunç...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol Pre...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy geçirildi. Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde surata düş...
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň KONSEPSIÝASY
Soňky ýyllarda bolup geçen tendensiýalar we wakalar halkara we döwletara gatnaşyklarynda çynlakaý üýtgeşmelere, ählumumy we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegine hem-de ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna şaýatlyk edýär. Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürli bolup durýar, ýöne halkara syýasatynyň häzirki ýagdaýyny kesgitleýän häsiýet dünýäniň gurluşynyň şu ýa-da beýleki görnüşiniň dogrudygy baradaky garaýyşlarda we düşünjelerde ynanyşmak ýagdaý...