img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Awg

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda

2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň,...

DOWAMY
pic
5 Awg

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýatyna ugramak üçin ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň u...

DOWAMY
pic
2 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagt...

DOWAMY
pic
1 Awg

Turkmenportalyň we Mitsubishi kompaniýasynyň wekilleri Tokioda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Turkmenportal bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň wekilleri Tokioda duşuşyp, kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň taryhy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň goldawy bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen maksatnamanyň çäklerinde geçirildi. Duşuşygyň dowamyn...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy K.Amakawa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda K.Amakawanyň JBIC bankynyň başlygy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlaglar beýan edilip, Türkmenistan bilen JBIC bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, JBIC banky Türkmenistanda ýapon ko...

DOWAMY
pic
30 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiý...

DOWAMY
pic
30 Iýul

Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar

2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginler bilen dowam etdirilýändigini bellediler. ÝTÖB-niň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, “ýaşyl” energiýanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara gatnaşyklaryň we ekologiýa taýda...

DOWAMY