RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Okt

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Sukuba Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňelder

Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet baştutanynyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan hünärmenleriň çagyrylmagyny göz öňünde tutýan Kararynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.  Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde häzirki döwürde uniwersitetde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinden mugallymlar işleýärler. Şu okuw ýylynda ýurdumyz üçin täze ugurlar boýunça hünärmenleri...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistanda gämi gatnawy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.  Duşuşygyň dowamynda Hazarýaka ýurtlarynyň ulag ulgamynda özara peýda...

DOWAMY
pic
13 Okt

GDA-nyň Sammitinde Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirilmeginiň strategiýasy bellenildi

Mälim bolşy ýaly, Soçide geçirilen Sammitde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan ýörite konsepsiýanyň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.  10-njy oktýabrda Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatda...

DOWAMY
pic
12 Okt

Ýurduň energiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň eksport mümkinçiligniň artdyrylmagyna gönükdirilendir

Şu ýyl Mary döwlet elektrik bekedinde hersiniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan gaz turbinalarynň ikisi işe giriziler. Bu ýerde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan garyşyk tapgyrly eklektrik bekediniň gurluşygy bellenilen möhletdäkiden öňe gidilip alnyp barylýar. Onuň düzüminde gaz turbinalarynyň 4-si, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlaryň 4-si, bug turbinalarynyň 2-si bar. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, täze energetika enjamy 2018-nji ýylyň dekabryna çenli işe giriziler. Häzirki wagtda onuň birinji n...

DOWAMY
pic
11 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. Türkmen Lideri howa menzilinden çykyp, Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen...

DOWAMY
pic
11 Okt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşy...

DOWAMY
pic
10 Okt

2018-nji ýyl «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar Watanymyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelgäniň indi asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Şu däbi dowam etdirip hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen halkynyň gadymy taryhyndaky möhüm ähmiýetini şöhratlandyrmak hakynda ilatymyzdan gelip gowuşýan köp sanly ýüztutmalary we isleg-arzuwlary göz öňünde tutup, 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmak te...

DOWAMY