RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISINIŇ GARAMAGYNA TEKLIP EDEN ÄHMIÝETLI GARAÝYŞLARY WE BAŞLANGYÇLARY

2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Tür...

DOWAMY
pic
25 Sen

„Altyn asyr“ köli golaýyndaky ýerleriň biologik köpdürlüligine oňyn täsir edýär

Gurluşygy alnyp barylýan „Altyn asyr“ köli ekologiýa oňyn täsir edip, golaýyndaky ýerlerde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam edýär. Gapýaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri ýerlere yzygiderli gidenlerinde goraghnananyň golaýyndaky bu gidrotehniki desgalarda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bolan adajyklaryň peýda bolanlygyny belleýärler. „Altyn asyr“ köli ötegçi guşlaryň uçup geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Onuň gurulmagy bilen haýwanlaryň ýaşap başlan ýerleri peýda b...

DOWAMY
pic
25 Sen

DÜNÝÄNIŇ 82 ÝURDUNDAN 500-DEN GOWRAK HABARÇYLARY “AŞGABAT 2017” OÝUNLARYNYŇ BARŞYNY BEÝAN EDÝÄRLER

Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi.  Häzir bu ý...

DOWAMY
pic
23 Sen

Öňdebaryjy lukmançylyk edaralary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň saglygynyň goragynda

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gije-gündiziň dowamynda myhmanlara we ýaryşlara gatnaşyjylara dürli meseleler boýunça kömek berýän ýüzlerçe hünärmenlerden işiň ýokary netijeliligini talap edýär. Şeýle giň möçberli çärelerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy möhüm zerurlyk bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli işgärleri hut şeýle wezipeleri ýerine ýetirýärler.  Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň içinde we onuň ýanynda hereket edýän...

DOWAMY
pic
23 Sen

OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE BOSGUNLAR TOPARYNA SOWGAT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam...

DOWAMY
pic
21 Sen

AŞGABAT ŞÄHERINDE AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETIŇ 70-NJI MEJLISI WE BAŞ ASSAMBLEÝANYŇ 36-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Azi...

DOWAMY
pic
20 Sen

SPORT ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk  binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio -  2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşy...

DOWAMY