RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Iýul

Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...

DOWAMY
pic
26 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Daşary işler minstri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Tokio şäherine ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisiniň işine gatnaşmak üçin bardylar. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentinde ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň Başlygy  j-p Endo Toşiaki bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ylym, bilim we sport u...

DOWAMY
pic
26 Iýun

TÜRKMENISTAN – ÝAPONIÝA: ÖZARA PEÝDALY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäli 12-nji mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýet Ýaponiýa iş sapary bilen geldi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatyndaky dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen...

DOWAMY
pic
11 Iýun

Aşgabat 2017-niň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabara

11Iýun Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäheriniň köpugurly stadionynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada çykyş eden tansçylaryň we medeniýet işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 100-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tomaşa etdiler. Bu çäre paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde birnäçe gün dowam eden halkara media forumyň çäginde taýýarlanyldy.  Aşgabatda geçiriljek Oýunlar barada habar berm...

DOWAMY
pic
1 Maý

AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA+ ÝAPONIÝA” GEPLEŞIGINIŇ ÇÄKLERINDE DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 6-NJY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşiginiň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri, bu döwletleriň Aşgabatda akkreditirlenen Ilçileri, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşigi Ýapo...

DOWAMY
pic
30 Apr

ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we F.Kisidanyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.          Duşuşygyň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, söwda we ykdysadyýet ulgamlarynda iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan üstünlikli dialogyň batly gadamly gatnaşyklaryň gir...

DOWAMY
pic
30 Mar

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Iň häziki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kombinat tutuş Aziýa sebitinde  türkmen himiýa senagatynyň esasy görkezijisi bolar. Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar. Ýakyn ýyllarda Kanada, Russiýa Federasiýasy we dünýäniň beýleki döwletleri ýurduň  kaliý gorlary...

DOWAMY