RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Mar

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Iň häziki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kombinat tutuş Aziýa sebitinde  türkmen himiýa senagatynyň esasy görkezijisi bolar. Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar. Ýakyn ýyllarda Kanada, Russiýa Federasiýasy we dünýäniň beýleki döwletleri ýurduň  kaliý gorlary...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW YSLAMABATDA GEÇIRILEN YHG AGZA ÝURTLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Şu gün, 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna gitdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet hem hökümet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu  duşuşyk Guramanyň geçen döwrüň içinde amala aşyran işlerine baha bermekde, seljermekde, şol bir wagtda geljekde haýsy ugurlar boýunça işleriň alny...

DOWAMY
pic
19 Ýan

PRESS–RELIZ

2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy. Metbug...

DOWAMY
pic
12 Ýan

ÝAPONIÝANYŇ «KOKUGAKUIN» UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTAN WE AZIADA-2017 BARADA TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 12-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherindäki “Kokugakuin” uniwersiteti bilen birlikde, AZIADA-2017 oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli, agzalan okuw jaýynyň we Ýaponiýanyň beýleki uniwersitetleriniň talyplary we mugallymlary bilen giňeldilen duşuşyk görnüşinde Tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, bu okuw jaýynyň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ozalky Işleri wagtlaý...

DOWAMY
pic
8 Ýan

ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ ETNOGRAFIÝASY WE TARYHY BARADA MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne Ýaponiýanyň iň iri sungat muzeýleriniň biri bolan “POLA” muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi. Bu çäre 2016-njy ýylyň sentýabryndan  2017-nji ýylyň mart aýyna çenli “POLA” muzeýinde hereket edýän Türkmenistanyň etnografiýa we şaý-sepler eksponatlarynyň sergisiniň çäklerinde gurnaldy. Agzalan çäräniň dowamynda alym hanym Takako Murata, dizaýner we modelýer hanym Matsura hem-de muzeýiň wekilleri türkmen etnografiýasyna d...

DOWAMY
pic
4 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys.  Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...

DOWAMY
pic
3 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...

DOWAMY