SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ýapon gat...
TÜRKMENISTANYŇ MEKDEP OKUWÇYLARY SAKURA MAKSATNAMASYNA GATNAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdy. Bu maksatnamanyň işine gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde geçirilýän ýaşlar çäreleriniň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünd...
FILIPPINILERIŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Roberto Manalonyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işiniň türkmen-filippin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplo...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ý...
NIPPON GAZNASY TÜRKMENISTANYŇ TEHNOLOGIKI UNIWERSITETINE ÝAPONIÝA BARADAKY KITAPLARY SOWGAT ETDI
8-nji noýabrda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ýaponiýanyň “Read Japan Project” taslamasynyň çäginde Nippon gaznasy tarapyndan kitaplary gowşuryş dabarasy geçirildi. Uniwersitetiň kitaphanasynyň ýapon medeniýeti, taryhy, sungaty we häzirki zaman jemgyýeti barada 75 kitap bilen üsti ýetirildi.
TÜRKMENISTAN «G7» WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi....