SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we Ýaponiýa sanlaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Hadysalara taýýarlyk we kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň Milli Merkeziniň wekili bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň we sanlylaşdyrma pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, duşuşykda kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berild...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy. “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmeler...
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hyzmatdaşl...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerindäki duşuşyklary barada
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini u...
Tokionyň Milli sungat merkezinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna bagyşlanan suratlar sergilendi
“Ýaponiýa-Ýewraziýa” jemgyýetiniň guramagynda 2024-nji ýylyň 25-nji ýanwary – 5-nji fewraly aralygynda Tokionyň milli sungat merkezinde geçirilen “Ýaş nesilleriň elde çeken suratlary” atly çäresinde Türkmenistanyň diwarlygy ýerleşdirildi. Bu çäräniň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň elde çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Tokionyň milli sungat merkeziniň zalynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň mekdep okuwçylar...
В Токио состоялась встреча Послов Туркменистана и США
01 февраля 2024 года состоялась встреча Посла Туркменистана А.Байрамова с Послом США в Японии Рахм Эмануэлем, в рамках формата «Центральная Азия + США». В ходе состоявшейся беседы Посол А.Байрамов подтвердил готовность Туркменистана к дальнейшему укреплению конструктивного партнёрства с США, отвечающего интересам общего благополучия. В частности, было отмечено, что состоявшийся 19 сентября 2023 года в г.Нью-Йорке (США) первый Саммит в формате «Центральная Азия + США» с участием Президентов...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaş...