SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär....
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkme...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk...
“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, göni wideo aragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Ýaponiýanyň “EKSP...
Ilçi Ýaponiýanyň Adalat ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Adalat ministri, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň agzasy Keýsuke Suzukiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde kanunçylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon tarapy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hukuk ugrunda özara düşünişmegi we hyzmatda...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni-bilim we söwda-ykdysady ugurlarda, şol sanda 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny...
Türkmenistanyň Ilçisi 62-nji Ýaponiýanyň Aikido Embukaýyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow, Nippon Budokanda (Tokio şäheri) Aikikai gaznasy tarapyndan gurnalan 62-nji Ýaponiýanyň Aikido Embukaýyna gatnaşdy. Aikikai gaznasy, Morihei Ueşiba tarapyndan döredilen Aikidonyň dowamyny goldaýan fond bolup durýar. Aikikai gaznasy bedenterbiýe ösüşine goşant goşmagy we Aikido arkaly bedeniň we aňyň ösdürilmegine, şeýle hem Aikidonyň ýaýramagyna we wagyz edilmegine goşant goşmagy maksat edinýär. Ýapon söweş...