SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN UNIDO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Siyong Zou bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNIDO-nyň özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler hem-de gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we berkitm...
ŞENSI WELAÝATYNYŇ HALK HÖKÜMETINIŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatory Çžao Gan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ileri tutulýan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek babatynda pikir al...
ARKADAG ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIAFORUMYŇ METBUGAT-BEÝANATY
2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda halkara mediaforumy geçirildi. Forumyň işine 100-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda ýurduň akademiki toparlarynyň ýolbaşçylary we habar beriş agentlikleriniň baş redaktorlary, degişli halkara guramalaryň we birleşikleriň wekilleri, milli hususy habar beriş agentlikleriň habarçyla...
ARKADAGDA HALKARA MAÝA GOÝUM FORUMY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Bu...
“TÜRKI DÜNÝÄNIŇ MEDENI PAÝTAGTY” DIÝLIP YGLAN EDILEN ŞÄHERLERIŇ HÄKIMLERINIŇ DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda "akylly" şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň forumy geçirildi, oňa TÜRKSOY-yň baş sekretary, şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. TÜRKSOY-yň baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň açylan badyna onuň türki dünýäniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigine ünsi çekip, bu şäheriň uly üstü...
TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR PUGTALANDYRYLÝAR
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen duşuşyk boldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmany mähirli mübärekläp, döwlet durmuşynda parlamentarileriň ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Bu gün parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Ýapon-türkmen parla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Bu örän uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tapgyrda meýilleşdirilýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336 sanysy guruldy. 16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şäheriň edarala...