RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN LITWANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, litwa tarapyna - Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredilip geçildi. Taraplar ulag we logistika infrastrukturasy, energetika, daşky gurşaw m...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMEN-ITALÝAN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, Ilçi Janluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada piki...

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMENISTAN “EKSPO – 2025 OSAKA” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE TAÝÝARLYK GÖRÝÄR

Türkmenistanyň “EKSPO – 2025 bütindünýä sergisine” gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleriniň çäklerinde türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Ýaponiýanyň “2025 - Bütindünýä sergisi” boýunça Assosiasiýasy we Osaka şäher häkimligi bilen duşuşyklary geçirdi.   Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň agzalan serginiň işine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk we tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ BAE SAPARY TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde Emirlikleriň Strategiki gözleg we ösüş merkeziniň baş direktory doktor Soltan Mohammed Al Nuaimi bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen diplomaty Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga umyt bildirdi. Soňra tanyşdyryly...

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ PARLAMENT IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynd...

DOWAMY
pic
21 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI WE BMG-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI MEJLISINIŇ SAÝLANAN BAŞLYGY (TRINIDAD WE TOBAGO) DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA GOL ÇEKDILER

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki Hemişelik wekili jenap Dennis Frensisiň (BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy) arasy...

DOWAMY
pic
21 Iýun

BAE-DE TÜRKMEN-EMIRLIKLER AKADEMIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Abu Dabide Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy. Duşuşykda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi. Soňra duşuşyk akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen g...

DOWAMY