SOŇKY HABARLAR
MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahauddin al-Nagari bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra, T...
TÜRKMEN-MOLDOWA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Waleriu Kiwer (bolýan ýeri Kiýew ş.) bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalarynyň gowşurylyşynyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barýan işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da g...
TÜRKMENISTAN WE BMG HYZMATDAŞLYGY HAS-DA PUGTALANDYRMAK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory hanym G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligini...
TBILISI ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisiniň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum...
TBILISIDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň ýolbaşçylary ýygnagy açyp, hökümetar...
AHHG-NYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATY BARADA
2023-nji ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda Duşenbe şäherinde AHHG-nyň 30 ýyllygy mynasybetli "Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap" atly halkara maslahaty geçirilýär. Bu sebitleýin gurluşynyň şanly senesine bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Maslahata, şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara we sebit gura...
WISE-PREMÝER M.MÄMMEDOWANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ITALIÝA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Rimde iş saparynda bolýar. Saparyň çäginde 5-nji iýunda Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda Wise-premýer M.Mämmedowa Italiýa Respublikasynyň Medeniýet ministri Jennaro SanJuliano bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmen...