SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy. Türkmenistany...
Awazada «Türkmenistan – Özbegistan – Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Türkmenistan — Özbegistan — Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki tasla...
Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýan Katar Döwletiniň wekili bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda gaznan...
BMG-niň DÇBÖBD boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi
2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi. Geçirilen plenar mejlisleriň barşynda bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm tapgyrdyr. Foruma gatnaşyjy döwletlerden çykyş edenler ýygnananlary ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlar...
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzala...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýangyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin köptaraplaýyn h...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenis...