SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ABŞ SAPARY TAMAMLANDY
Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...
ABŞ-NYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINIŇ MERKEZI SERKERDELIGINIŇ BAŞ SERKERDESI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy. Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI UNIDO ITPO-NYŇ TOKIODAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen BMG-niň Senagat ösüş guramasynyň Maýa goýum we tehnologiýa işlerini ösdürmek boýunça edarasynyň (UNIDO ITPO) Ýaponiýadaky merkeziniň ýolbaşçysy F.Adaçiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ileri tutulýan ugurlar hökmünde energetika we tehnologiýa ulgamynda özara hereketleriň...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ AWSTRALIÝANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 19-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Awstraliýanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Justin Haýhurstyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar duşuşykda halkara guramalarynyň, esasan hem Birleşen Milletler Guram...
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Hans Fridrih Şodder bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ulgamynyň bosgunlaryň we apatritleriň meselelerine degişli esasgoýujy halkara-hukuk resminamalarynyň aglabasyna gatnaşmak bilen, iş ýüzünde ü...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ 70-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosf...