SOŇKY HABARLAR
PAKISTANYŇ DÖWLET DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA
Şu ýylyň 13-nji aprelinde Samarkantda Owganystan bilen goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet daşary işler ministri Hina Rabbani Har bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýy...
SAMARKANTDA OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde Samarkant şäherinde Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistandan bu duşuşyga daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý barada jikme-jik pikir alyşdylar we bu ýurduň içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Tü...
TÜRKMENISTANDA BELGIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI WEZIPÄ BELLENILDI
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI T.ATAÝEW MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Du...
GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi. Häzirki w...