Milli bilim instituty bilen Kembrij uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hünärmenleri her ýyl geçirilýän “London-2018" Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdylar. 

Döwletleriň 100-e golaýynyň wekilleri toparlardaky mejlisler görnüşinde geçirilen maslahata gatnaşdylar, olarda ykdysadyýetiň we bilimiň özara täsiri; bilime ulgamlaýyn çemeleşmek; çalt depginli özgertmeler eýýamynda bilimiň hilini üpjün etmegiň ýörelgeleri; başlangyç bilim we çagalaryň ösüşi ýaly temalar öwrenildi. Duşuşygyň temalaryna görä gurnalan sergide oňa gatnaşanlar häzirki şertlerde innowasion bilimiň ugurlary barada pikir alyşdylar. 

Sergi okuw edebiýatlarynyň baý toplumlary, bilimiň ähli ugurlary boýunça kompýuter programmalary, interaktiw tehnologiýalar, sinhron terjime boýunça innowasion enjamlar we ş.m. bilen tanyşdyrdy. 

Maslahatyň ikinji güni ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň biri boýunça Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Kembrij uniwersitetiniň «Cambridge English Language Assessment» (Iňlis dili boýunça synaglar geňeşi) we «Cambridge University Press» (Neşirýat) bölümleriniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi. Ylalaşyk dürli bilim taslamaryna bilelikde gatnaşmak, iňlis dilini öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak ýaly ş.m.ugurlara gönükdirilendir. 

Kembrijiň Milli bilim instituty bilen hyzmatdaşlygy, ozaly bilen, iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmagy; halkara ölçeglerine laýyk gelýän öwrediji programmalary işläp taýýarlamaga ýardam etmegi; okuw we usulýet materiallaryny bermegi; iňlis dilini öwrenemekde we okatmakda gazanylan üstünlikler üçin Kembrij uniwersitetiniň halkara sertifikatalryny bermegi göz öňünde tutýar. 

Ýurdumyzyň mekdepleriniň birnäçesinde synag taslamasyny durmuşa geçirmek, iňlis dili boýunça milli bilim ulgamyna uýgunlaşdyrylan Cambridge University Press okuw gollanmalaryny synag etmek göz öňünde tutulýar. Göz öňünde tutulan bilelikdäki çäreleriň arasynda taslama gatnaşýan mekdepleriň okuwçylaryny we iňlis dili mugallymlaryny ýörüte testlerde barlamak; mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin maksatnamalary işläp taýýarlamak we özara hereketiň beýleki ugurlary bar. 

Ähtnamada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen-de hyzmatdaşlygyň geljegi beýan edilendir. Ýakyn wagtda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Kembrij uniwersitetiniň wekilleri HYYweÖU-ne gelerler. 

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem Kembrij uniwersiteti we onuň düzüm gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutulýar. Taraplar hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykmagy we göni gatnaşyklary, şol sanda mugallymlaryň hünärini derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gatnaşykalry ýola goýmagy niýet edinýärler.