Tapylan netije sany: 3204
DAŞKENTDE “OWGANYSTAN: HOWPSUZLYK WE YKDYSADY ÖSÜŞ” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Ow...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/99760TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HHR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar Türkmenistanyň Milli G...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew duşuşygy açmak bilen, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi.
Taraplar sebit we halkara...
AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynd...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda täze bellenilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mori Takeo bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pu...
Tokioda Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş bankynyň Ýaponiýadaky edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş bankynyň Ýaponiýadaky edarasynyň direktory Şin Oýa bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Bilelikde alnyp barylýan işleriň ugurlary hökmünde ykdysadyýet, energetika, ulag, söwda,...
TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY GEÇIRILER
2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler.
30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoula...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze köprüniň düýbüni tutdy
2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak täze awtoulag köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Taslama Ukrainanyň “Altkom” Ýol gurluşyk” kompaniýasy tarapyndan Döwlet baştutanynyň ozal gol çeken kararyna laýyklykda durmuşa geçirilmelidir.
Täze köpri Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhet ýolunyň bir bölegine öwrüler we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, harytla...
Ýaponiýanyň Daşary işler Ministriň Parlament işleri boýunça orunbasary Taro Honda bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze bellenilen Ilçisiniň duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 9-njy awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ministriň Parlament işleri boýunça orunbasary jenap Taro Honda bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze bellenilen Ilçisiniň tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda ýapon tarapy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejede saklanylýandygyny aýdyp, şu ýylyň aprel aýynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligi belläp geçdi.
Şeýle hem, taraplar duşuş...