Tapylan netije sany: 3201
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI T.ATAÝEW MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Du...
TÜRKMENISTANDA BELGIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI WEZIPÄ BELLENILDI
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça...
SAMARKANTDA OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde Samarkant şäherinde Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistandan bu duşuşyga daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý barada jikme-jik pikir alyşdylar we bu ýurduň içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Tü...
PAKISTANYŇ DÖWLET DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA
Şu ýylyň 13-nji aprelinde Samarkantda Owganystan bilen goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet daşary işler ministri Hina Rabbani Har bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýy...
TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNYŇ TÜKELLEÝIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK WE KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 13-14-nji aprelinde Samarkant şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň tükelleýiş işlerini geçirmek we kämilleşdirmek boýunça geňeşmeler geçirildi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryň we halkara şe...
"HALKARA HABARLAR ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI" ATLY «TEGELEK STOL» BOÝUNÇA KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly «tegelek stol» geçirildi.
Bu çärä halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususy habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň metbugat attaşeleri, maglumat we aragatnaşyk syýasaty b...
GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI BARADA
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dar we giňişleýin düzü...
SAMARKANTDA “MERKEZI AZIÝA-RUSSIÝA” FORMATYNYŇ 6-NJY MINISTRLER DUŞUŞYGY GEÇDI
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bu formatyň wajypdygyny nygtadylar, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen b...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ AWSTRALIÝANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 19-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Awstraliýanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Justin Haýhurstyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar duşuşykda halkara guramalarynyň, esasan hem Birleşen Milletler Guram...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Koreýa Respublikasy-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklaryň oňyn häsi...