Tapylan netije sany: 3201
Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türk...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen...
Moskwada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Moskwada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Gatnaşyjylar ýokary we iň ýokary derejeleräki gatnaşyklaryň aýratyn ornuna ünsi çekip, bu duşuşyklaryň uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hy...
«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi.
Bu maslahatyň işi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejesinde giňden tanatmak, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky döwlet we hususy düzümleriniň özara gatna...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ý...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
2025-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Gu...
«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde türkmeniň haly sungatynyň we milli lybaslarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň milli pawilýonynda dabaraly çäreler geçirildi.
Dabara türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň – nepis haly sungatynyň we milli lybaslarynyň dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrylmagyna bagyşlandy hem-de onuň çäklerinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryna aýratyn orun berildi.
Çäräniň dowamynda sergä...
Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti HHR-da iş saparda boldy
Ýakynda Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Iş saparyň dowamynda birnäçe wajyp duşuşyklar geçirildi.
Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly wajyp ugurlarynda gatnaşyklary ýola goýmak iki halkyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Bu ugurlarda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, Türkmenistan we...
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.
Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary çakylygy kabul edip, ŞHG-nyň Sammitine gatnaşandyg...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.
Biraz salymdan Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.
Günüň iki...