Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi.
Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi.
Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy.
Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Tü...
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Kongres merkeziniň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.
Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji k...
Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebine «Kasumi Kaikan» ýapon assosiasiýasy tarapyndan kitaplar sowgat berildi
2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sasaki Hiroşi Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebine baryp gördi.
Saparyň dowamynda «Kasumi Kaikan» kitap sowgat maksatnamasynyň çäginde Kasumi Kaikan assosiasiýasy tarapyndan mekdebe Ýaponiýa baradaky kitaplar sowgat berildi.
Çärä ýapon dilini öwrenýän okuwçylar we mugallymlar gatnaşdylar.
1-nji synpdan 12-nji synpa çenli okuwçylaryň çykyşlary, şol sanda ýapon aýdymlaryň aýdylm...
Ýapon lukmanlary endoskopik hirurgiýa boýunça tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşýarlar
Fukuokadaky Kýuşu milli uniwersitet hassahanasynyň lukmanlary häzirki günlerde Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar. Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamanyň çäklerinde ýapon lukmanlary öz tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşýarlar.
Ýapon myhmanlary Aşgabat şäherinde ýerleşýän lukmançylyk merkezlerine baryp görmegiň dowamynda, bu merkezleriň enjamlaryna ýokary baha berdiler. Saparyň dowamynda ýapon lukmanlary türkmen kärdeşleri bilen birlikde hassa...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.
Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy.
Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezi...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek ser...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Türkmen-özbek serhetýaka zolagynyň dabaraly açylyşy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny – «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hor...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen geple...
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we ýapon kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stol» maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri» atly mowzuk esasynda wideo aragatnaşyk arkaly «Tegelek stol» maslahaty geçirildi.
«Tegelek stol» maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň arasynda «Komatsu» tehnika...