img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýaponiýanyň “Aziýa ýygnagy” atly toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat

photo

Ýaponiýanyň “Japan Small Group” jemgyýetiniň guramagynda we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Tokio şäherinde “Aziýa ýygnagy” atly toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Tokioda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Ilçiler halkara we sebit derejesindäki gün tertibiniň möhüm ugurlary hem-de halkara gatnaşyklarynyň ählumumy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty hem-de häzirki wagtda Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda öňe sürýän halkara başlangyçlary barada belläp geçdi.