img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa sapary

photo

2026-njy ýylyň 29-njy awgusty – 4-nji sentýabr aralygynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri jenap MOTEGI Toşimitsu Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa sapar bilen barar.

  1. Bu saparyň dowamynda ministr MOTEGI her ýurduň daşary işler ministrleri we beýleki möhüm hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer, şeýle hem Slowakiýada Ýaponiýa bilen bilelikde Wizigrad toparynyň (V4) Daşary işler ministrleriniň 8-nji duşuşygyna gatnaşar.
  2. Halkara ýagdaýynyň barha çylşyrymlaşýan şertlerinde ministr MOTEGI täzelenen “Erkin we açyk Hindi-Ýuwaş umman sebiti (FOIP)” konsepsiýasyna esaslanyp, kanunyň hökmürowanlygyna esaslanýan erkin we açyk halkara tertibini saklamak we berkitmek maksady bilen bu ýurtlar bilen mundan beýläk-de strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi tassyklap geçer.
  3. Mundan başga-da, her ýurtda geçiriljek duşuşyklaryň dowamynda ministr MOTEGI Ýaponiýanyň güýçli taraplaryndan peýdalanyp, energetika, infrastruktura, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşar.

(Maglumat üçin) Ministr MOTEGI-niň sapaynyň tertibi (deslapky)

Sene

Maksatnama

29-njy awgust

Haneda howa menzilinden uçmak, Aşgabat şäherine (Türkmenistan) gelmek

30-njy awgust

Bratislawa şäherine (Slowakiýa) gelmek

1-nji sentýabr

Wena şäherine (Awstriýa) gelmek

2-nji sentýabr

Ulan-Bator şäherine gelmek

3-nji sentýabr

Narita howa menziline gelmek