img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

photo

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda wodorod energiýasy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ýapon tarapy bilen bilelikde wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýapon tarapyndan Ýaponiýanyň Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO),  Chiyoda korporasiýasynyň  we Sukuba uniwersitetiniň wekilleri, ekspertleri, türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Rektorynyň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler topary gatnaşdy.

 Agzalan duşuşyk Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Rektorynyň Ýaponiýa sapary wagtynda ýapon tarapy bilen gazanylan ylalaşyklaryň netijesi esasynda guraldy.

Duşuşykda taraplar bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod energiýasyny öndürmegiň innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususanda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy merkeziniň laboratoriýasyny döretmek boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly wodorod energiýasy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda gepleşikler Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 07-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda alnyp barylýar.