img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24–27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.) Sidneý şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan resmi çärelere gatnaşmak hem-de degişli ikitaraplaýyn duşuşyklary, şol sanda Awstraliýanyň Daşary işler we söwda departamentinde duşuşyklary geçirmek maksady bilen Awstraliýanyň Kanberra, Sidneý we Melburn şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy.

Agzalan saparyň dowamynda 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Awstraliýanyň Daşary işler we söwda Sekretarynyň Orunbasary K.Çittik bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri, ilkinji Türkmen-Awstraliýa syýasy geňeşmelerini geçirmegiň mümkinçiligi hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda Sidneý şäheriniň Lord-häkimi, Awstraliýanyň Bilim Sekretarynyň kömekçisi, Täze Günorta Uels ştatynyň Maýa goýum agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory, «Rubicon» kompaniýasynyň Baş dolandyryjysy, Wiktoriýa ştatynyň Söwda-senagat palatasynyň we Sidneý uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Agzalan gepleşikleriň çäklerinde şäherara hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilim we ylym, talyp alyş-çalşygy hem-de talyp haklary maksatnamalary, maýa goýum taslamalary we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň netijeleri özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklady.