img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SIRIÝA ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.