Tokio şäherinde Ýaponiýanyň mekdep okuwçylary türkmen halkynyň medeni mirasy we däp-dessurlary bilen tanyşdy
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Saitama prefekturasynyň Fujimino şäheriniň Fukuoka orta mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýapon okuwçylaryny 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeni we taryhy aýratynlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirildi.
Bu çäräniň barşynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Gündogar halklarynyň medeni mirasyny we däp-dessurlaryny ösdürmekdäki orny barada beýan edildi. Ýaponiýanyň okuwçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşi barada hem maglumat berildi.
Türkmen halkynyň däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlar, şol sanda hem täze “akylly” Arkadag şäheriniň döredilmegi gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we olaryň işjeň gatnaşmagyny höweslendirdi.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ýaş myhmanlaryň gyzyklanmasy we işjeňligi üçin minnetdarlygyny bildirip, olara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Çäräniň ahyrynda çagalara öwrenen maglumatlaryna ýakymly goşundy hökmünde milli tagamlary hem hödür edildi.
Bu duşuşuk medeni alyş-çalyşyň, bilim we özara düşünişmek arkaly halkara gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigi subut etdi. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy ähli gatnaşyjylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär we geljekde şunuň ýaly çäreleri dowam etdirmegi umyt edýär.