Osaka şäherinde Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi

photo

Ýaponiýanyñ Osaka şäherinde geçirilýän "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisiniň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň geçirilmegi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaslygyñ ösdürilmegi, söwda gatnaşyklarynyñ giñeldilmegi we täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

Maslahatyñ esasy maksady, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaslygy pugtalandyrmak, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giñeltmek, ýokary tehnologiýalar we innowasiýa ulgamlary boýunça özara teklipleri we çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Seýle hem, ýapon işewürleri üçin türkmen bazarynda täze mümkinçilikleriň açylmagy, Türkmenistanyñ işewürlerine bolsa ýapon tehnologiýalaryndan peýdalanmak we täze innowasion taslamalaryň üstünde işlemek üçin mümkinçilikler barada pikir alysyldy.

Gepleşikler, söwda, sanly ykdysadyýet, innowasiýa, energetika we ulag ulgamlary boýunça işewürleriň arasyndaky hyzmatdaslygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Işewürler maslahaty diñe iki ýurduñ ykdysady hyzmatdaglygynyň ösüşi üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygyñ güýçlendirilmegi üçin möhüm ädimdir.