img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň esasy itergi berýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Ýapon tarapyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ugruny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işleriň utgaşdyrylmagynyň netijeliligini bellediler. Şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaz-himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki ugurlar ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Ösen tehnologiýalar we emeli aň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýapon tarapy Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly birnäçe ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygyna üstünlikli gatnaşandygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň tamamlanmagyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.