img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Iýul

DAŞARY ÝURT KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI TÄZE ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY BARADA

Malim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri ol hem täze döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli 29-njy iýulda möçberli dabaralaryň geçirilmegi boldy. Arkadag şäheriniň açylyş çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistanda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň 29 sany halkara habarlar agentlikle...

DOWAMY
pic
14 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...

DOWAMY
pic
13 Iýul

TÜRKMEN-EMIRLIKLER HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýaňy-ýakynda M.Bäşimowanyň BAE amala...

DOWAMY
pic
13 Iýul

JICA-NYŇ GEŇEŞÇISI SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN BARDY

Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) geňeşçisi hanym Ýuumi Midzumori syýahatçylyk ugruny ösdürmek maksady bilen ýakynda Türkmenistanda saparda boldy. Onuň sapary birnäçe wezipelerden ybarat boldy. Hususan-da, Türkmenistanda syýahatçylyk ugurlaryny giňden şöhlelendirmek meselesinde ýapon habarçylaryna goldaw bermek, şeýle hem syýahatçylyk binalaryna we infrastruktura desgalaryna baryp görmek we syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek bolup durýar.

DOWAMY
pic
12 Iýul

ГОСУДАРСТВЕННОЙ БИБЛИОТЕКЕ ТУРКМЕНИСТАНА ПЕРЕДАНО В ДАР 156 КНИГ В РАМКАХ ПРОЕКТА READ JAPAN

Государственной библиотеке Государственного культурного центра Туркменистана было передано в дар 156 книг в рамках проекта Read Japan, который реализуется Японским фондом The Nippon Foundation. Как сообщается в газете «Нейтральный Туркменистан», книги - на английском языке, их тематика связана с культурой, историей, экономикой, современным и популярным искусством Японии. В ходе торжественной церемонии вручения книг выступила заместитель министра иностранных дел Японии по парламентским вопр...

DOWAMY
pic
11 Iýul

TÜRKMENISTANDA WODOROD ENERGETIKA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GECIRILDI

2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna seredildi. Hususanda, mejlise gatnaşanlar Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkar...

DOWAMY
pic
11 Iýul

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Meredowyň belleýşine görä, Türkmenistan dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllary...

DOWAMY