img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan başlap türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Bir guşak, bir ýol" üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäginde birnäçe duşuşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalara gol çekmeklik meýilleşdirilýär. Saparyň birinji gününde Arkadag we maşgalasy, Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy...

DOWAMY
pic
17 Okt

TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Tokioda geçirilen çäräniň çäklerinde Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoene «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşanynynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çärä Ýaponiýanyň parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, işewürler, daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilha...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY
pic
11 Okt

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWA TÜRKMENISTANYŇ “ARKADAG” MEDALY DABARALY ÝAGDAÝDA GOWŞURYLDY

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly tür...

DOWAMY
pic
9 Okt

ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýaşi Nobumitsunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlygyň meselelerini we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň energetika we infrastruktura pudaklaryndaky maýa goýum taslamalaryny öwrenmek esasy mowzuklaryň hatarynda garaldy. Ýapon tarapy dekarbonizasiýa we “ýaşyl...

DOWAMY
pic
9 Okt

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda açyk we aýdyň içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunuň bilen, biziň ýurdumyz döwlet gurluşynyň esaslaryny berkitmäge, köp ugurly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm jemgyýetçilik meseleleri çözmäge we türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýoluna berk eýerýär. Amatly daşarky şertleriň döredilmegi şeýle...

DOWAMY