RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen t...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdy...

DOWAMY
pic
27 Iýun

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň DIM-leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatl...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýakyn wagtda duşuşmak hem-de her ýylda guralýan ikitarapla...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Ýan Inmin Aziýa ösüş bankynyň ykdysady ösüşiň durnukly depginini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysad...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Сообщение для средств массовой информации

23 июня 2025 года состоялся визит Министра иностранных дел Исламской Республики Иран Сейеда Аббаса Аракчи в Туркменистан. В тот же день на встрече в Министерстве иностранных дел Туркменистана главы внешнеполитических ведомств Туркменистана и Ирана обсудили широкий спектр вопросов двустороннего сотрудничества. Стороны обменялись мнениями по международным и региональным вопросам, представляющим взаимный интерес, в частности по ситуации, складывающейся в настоящее время на Ближнем Востоке....

DOWAMY
pic
24 Iýun

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň başlyklarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iň ýokar...

DOWAMY