Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Tokio bilen Aşgabadyň arasynda örän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň bardygyny belledi

photo

2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň arasynda geçirilen iki duşuşyk bu ýurtlaryň arasyndaky örän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň nyşanydyr. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Imperatoryň doglan güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.

Diplomatyň bellemegine görä, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran iki saparynyň dowamynda hem döwlet Baştutany onuň Alyhezretleri Imperator bilen duşuşdy. «Bir ýylyň dowamynda daşary ýurt lideriniň Imperator bilen iki gezek duşuşmagy örän seýrek ýagdaýdyr. Bu hem Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda örän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär» - diýip, Ilçi çykyşyny türkmen dilinde dowam etdi.

Sasaki Hirosiniň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Ýaponiýa iki gezek sapar bilen baran ýyly boldy: aprel aýynda Osakada geçirilen Expo 2025 sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynyň açylyşyna hem-de dekabr aýynda bolsa «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitine gatnaşdy. Ilçiniň sözlerine görä, ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Şeýle hem, Ýaponiýanyň Ilçihanasy 2026-njy ýylda geçen ýyl bilen deňeşdirilende öz işini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu meýilnamalara ýapon kompaniýalarynyň işewürligini ösdürmek, ýapon dilini öwrenmegi goldamak hem-de medeni alyş-çalyşlary giňeltmek degişlidir - diýip, diplomat belledi.

Imperator Naruhito 23-nji fewralda 66 ýaşyny doldurýar.