RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Dek

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.

DOWAMY
pic
24 Noý

AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» GATNAŞYGYNYŇ ÝOKARY WEZIPELI WEKILLERIŇ 10-NJY MASLAHATY GEÇIRILDI

2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşygynyň Ýokary wezipeli wekilleriniň 10-njy maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesindäki wekiliýetler gatnaşdylar.  Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň wekiliýet ýolbaşçylary we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wek...

DOWAMY
pic
23 Noý

TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELER

2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýapon wekiliýetine Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili jenap Aiki Tosihiro baştutanlyk etdi.Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygynyň gün tertibindäki meseleleriniň giň toplumyny içine alýan möhüm pikir alyşmalar boldy.“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” gepleşikleriniň ç...

DOWAMY
pic
23 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy

2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...

DOWAMY
pic
11 Noý

TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2015-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Tokio şäherindäki «Palas» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda «2015-nji ýyl – Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly» atly halkara maslahat geçirildi. Şol gün agşam Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe hem-de Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp resmi agşamlyk nahary berildi.Halkara maslahatyň işine Ýaponiýanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri, Ýaponiýadaky diplomatic wekilhanalaryň we halkara guramala...

DOWAMY
pic
24 Okt

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary

2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...

DOWAMY