RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary

2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...

DOWAMY
pic
14 Sen

Türkmenistan MAGATE-niň agzalygyna kabul edildi

2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisiniň dowamynda bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistany MAGATE-niň agzalygyna tassyklamak baradaky kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berdiler.

DOWAMY
pic
12 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen geldi

6-njy awgustda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

DOWAMY
pic
13 Mar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary

2015-nji ýylyň 13-14nji mart aralygynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde  Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşdy.  Şeýle hem Milli Liderimize Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen alymlyk adyny...

DOWAMY
pic
4 Okt

Global Festa 2014

2014-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 4-5-ne Tokionyň Hibiýa seýilgähinde "Global Festa 2014" sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bu çäre gatnaşdy we Türkmenistan we onuň medeniýeti bilen tanyşdyryş dabarasyny gurady.  Tokio uniwersitetiniň talyplary hem-de Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bu çärede Türkmenistan barada tanyşdyryş dabarasyny gurnamaga ýardam berdiler.Türkmenistan barada tanyşdyryş burçuna köp myhmanlar gelip gördüler we ýurdumyz bilen ýakyndan tanyşdylar.

DOWAMY