img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Awg

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi

Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekill...

DOWAMY
pic
11 Awg

BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady

2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Ja...

DOWAMY
pic
8 Awg

Türkmenistan bilen Butan Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we olaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar syýasy-diplomatik ugurda hyzm...

DOWAMY
pic
8 Awg

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň arasynda gepleşikler

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigini belläp, mähirli myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda t...

DOWAMY
pic
8 Awg

Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge meýilli

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarda ünsi jemläp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary we iň ýokary derejelerdäk...

DOWAMY
pic
8 Awg

Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaz» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Lesotanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Lesoto Patyşalygynyň arasyndaky h...

DOWAMY
pic
8 Awg

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatla...

DOWAMY