SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň netijeleri Prezident Şawkat Mirziýoýewe we onuň alyp barýan döredijilikli syý...
TÜRKMENISTANDA ÝAPON DILINI ÖWRENÝÄNLERIŇ SANY 220 ESSE ARTDY
Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany depgin bilen artýar. “Japan Foundation” atly gaznasynyň geçiren seljermesine laýyklykda, 2021-nji ýylda ýapon dilini öwrenýänleriň sany her 100,000 ilata görä 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 220 esse artmak bilen, Wýetnamdan we Hytaýdan öňe geçdi.
ÝHHG-NIŇ METBUGAT AZATLYGY BOÝUNÇA WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem metbugat azatlygy boýunça wekiliniň mandatyna degişli ÝHHG-niň üçünji ölçeginiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. W.Hajiýewiň bellemegine görä, soňky ýyllar...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bangkokda (Tailand) Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar. Gün tertibe laýyklykda, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Geňeşiň alyp barýan işlerine, şol sanda, geçiriljek...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň ýolbaşçylygynda Wenada Howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi, oňa Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ç.Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Maslahata ÝHHG-niň agza döwletleriň we hyzmatdaşlarynyň ministrleri, howanyň üýtgemegi boýunça wekilleri we beýleki ýokary derejeli syýasy işgärler, şeýle hem halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň wekill...
«YSLAM ÖSÜŞ BANKY WE DOKTOR AHMAD MOHAMMAD ALI. INSTITUTYŇ TARYHY WE ONUŇ PREZIDENTINIŇ ÝOLY» ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabara Türkmenistanyň daşary işler mi...
MALIÝE-YKDYSADYÝET UGRUNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 2-5-nji iýuly aralygynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň we Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň maliýe we ykdysadyýet ugurlary boýunça täze resminamalary işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.