SOŇKY HABARLAR
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...
Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi
2025-nji ýylyň 13-16-njy ýanwary aralygynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri Ýaponiýanyň birnäçe edaralarynda bolup, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça özara bähbitli meseleler barada gepleşik geçirdi. Ýaponiýanyň awiasiýa edaralary bilen geçirilen duşuşyklarda Aşgabat bilen Tokionyň arasynda ýük howa gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada hem maslahat edildi.
“EKSPO 2025 Osaka” - Halkara Gatnaşyjylaryň Ýygnagy
2025-nji ýylyň 15-16-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň Himeji şäherinde “ESKPO 2025 Osaka” Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň halkara ýygnagy geçirilýär. Duşuşyga “EKSPO 2025” bütindünýä sergisine gatnaşýan 100-den gowrak ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Halkara ýygnagyň dowamynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak “EKSPO 2025” bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we BMG-niň Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini bellediler
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duý...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buz...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde Malaýziýanyň Hökümet binasynda — Perdana Putrada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk...