img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda maglumat merkezlerini döretmek we ösdürmek babatda degişli Ähtnama gol çekildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ž. Panyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk we Energetika ministrleri bilen degişli duşuşyklary geçirildi.

Agzalan ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri bilen duşuşygynyň çäklerinde «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda maglumat merkezlerini döretmek we ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.

Ýapon kompaniýasy bilen gol çekilen bu Ähtnamanyň maksady ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyklykda hem-de döwrebap tehnologik çözgütleri ulanmak arkaly maglumat merkezlerini gurmak boýunça hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 13–15-nji apreli aralygynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde agzalan ýapon kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek zerurdyr.