«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we Ýaponiýanyň «Mitsui & Co., Ltd» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 03-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hem-de Ýaponiýanyň «Mitsui & Co., Ltd» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Mitsui & Co., Ltd» ýapon kompaniýasynyň nebit we gaz pudagy babatda alyp barýan işleri we mümkinçilikleri barada tanyşdyryldy. Şeýle hem, mümkin bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar kompaniýanyň teklipleri, mümkinçilikleri we olaryň amaly taýdan ulanylyşy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça pikir alyşdylar.